Apple Hytaýyň çäklerinde önümleriň satuwyna çäklendirmäni aýyrýar

  • 24.03.2020 08:57
  • 4.5k+

Geçen hepdede Apple kompaniýasy koronawirus zerarly dürli ýurtlarda iPhone we iPad-dan başlap, özüniň birnäçe önümlerine limit goýdy we Hytaýyň çäklerinde ähli dükanlaryny ýapdy. Indi bu çäklendirme aradan aýryldy. Enjamlar hem limitsiz satylyp başlandy.
Koronawirus zerarly satuwlara bolan isleg hem gowşady. Apple MacBook Air-i we Mac-y müşderä bäş sargytdan çäklendiren wagtynda, iPhone-iň we iPad-iň satuwyny iki gurluşa çenli çäklendirdi.
Ýöne indi kompaniýa Hytaýyň çäklerinde harytlara goýlan limidi aýyrdy. Apple-iň web-saýtynda ABŞ-da indi harytlara çäklendirme ýok, şonuň üçin müşderiler iPad Pro, iPhone 11 we Macbook Air gurluşlaryny islegleriçe satyn alyp bilýärler.
Kompaniýanyň internet-dükanynda ýerleşdirilen iPad Pro 2020-ä bolan sargytlar bu gurluşyň müşderilere apreliň birinji hepdesine çenli baryp ýetmejekdigini görkezýär, ýöne käbir sargytlar martyň ahyrky hepdesine çenli müşderilere ýetiriler, bu barada yandex.ru habar berýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......