Xiaomi Apple AirPods nauşniklerini satyp başlady

  • 23.03.2020 22:15
  • 3.9k+

Xiaomi kompaniýasynyň doly derejeli simsiz nauşnikleri çykarýan wagty seýrek däl, olary çykandan soň hem Apple AirPods bilen deňeşdirýärler, kähalatlarda soňkulary “ýok ediji” diýip hem atlandyrýarlar. Bu gezek Pekiniň öndürijisi Apple nauşnikleriniň klonyny çykarmak islemedi. overclockers.ru saýtynyň habar bermegine görä, Xiaomi kompaniýasy AirPods nauşniklerini gönüden-göni Youpin elektron söwdasy üçin öz meýdanynda satyp başlady.
Bu ýerde geň göresi zat ýok. Youpin-de Mijia gurluşy bilen we Xiaomi ekosistemasynyň beýleki önümleri bilen bir hatarda hytaý kompaniýasy başga bir öndürijileriň hem önümlerini satýar. Hususan-da, Youpin-de Apple Watch Series 4 we Series 5 smart-sagatlaryny, iPad Pro planşet kompýuterlerini we beýleki gajetleri satyn almak bolýar.
Apple kompaniýasynyň nauşnikleri barada aýdylanda, bu ýerde üç model hem hödürlenilen. Belläp geçsek, AirPods dünýäde doly derejeli simsiz iň meşhur nauşnikler hasaplanylýar. Original model iPhone 8, iPhone 8 Plus we iPhone X smartfonlary bilen bilelikde 2017-nji ýylda hödürlenildi. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa kompaniýa galmagaly peseldýän işjeň sistemaly Pro wersiýany hödürledi.

şu gün 03:54
252

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

düýn 08:18
2.6k+

Bentley kompaniýasy elektrik ulaglary ýygnalanda geýilýän ýörite uglerod süýüminden tikilen geýimleri işläp düzdi

Bentley kompaniýasy elektrik ulaglaryny ýygnaýan işçileri üçin täze ýörite iş eşigini işläp düzdi. Matanyň düzümine elektron bölekleri statik tokdan goraýan uglerod süýümi goşuldy....

21.04.2026 14:43
3.3k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......

20.04.2026 15:07
2.4k+

Nutella şokolad pastasy 60 ýylyň dowamynda ilkinji gezek täze - arahis tagamyna eýe boldy

Nutella kompaniýasy öz meşhur şokolad pastasynyň täze görnüşini çykarandygyny yglan etdi. Täze görnüşde pissäniň ýerine arahis goşulypdyr....