50 ýyldan soň: Hamilton ilkinji elektron el sagatlaryny çykardy

  • 23.03.2020 22:10
  • 4.3k+

Bu sagatlar hakyky klassykanyň muşdaklary üçin, olar örän gymmat we diňe wagty görkezýärler.
1970-nji ýylda Hamilton kompaniýasy Pulsar ady bilen ilkinji elektron el sagatlaryny hödürledi. 50 ýyllyk ýubileýiň şanyna kompaniýa edil şol dizaýnda sagat çykarmak kararyna geldi, bu barada hi-tech.mail.ru habar berýär.
Original Pulsar sagatlary ýaly, täze sagatlar diňe wagt görkezýärler, olarda hatda budilnik ýa-da taýmer hem ýok. Ýöne Hamilton PSR sagatlarynda islendik şertlerde oňat görünýän gibrid displeýi oturdylan, düwmäni basmak bilen onda ýagtylygy ýakmak bolýar. Täze modelde şeýle-de antişöhle örtükli ýakut daşyndan edilen aýna we suwdan goragly korpus peýda boldy.
Hamilton PSR sagatlary iki wersiýada, ýagny polat we altyn korpusly çykarylar. Satuwa başlamaklyk maý aýyna meýilleşdirilen, sebäbi ilkinji elektron sagatlar hem 1970-nji ýylyň maýynda çykypdy. 1974-nji ýylda bolsa owadan gyzyl çaýylan bilezikli ilkinji Pulsar aýal sagatlary peýda boldy.
Belläp geçsek, Hamilton sagatlaryň, sagat mehanizmleriniň we anyk mehanika önümleriniň önümçiligini alyp barýan kompaniýa, 2004-nji ýyldan bäri bolsa şweýsar sagatlarynyň markasy. Hamilton sagat kompaniýasy 1892-nji ýylda Pensilwaniýa ştatynda Lankasterde esaslandyrylýar. Ilkinji model hem Broadway Limited jübi sagatlary bolýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......