Apple kompaniýasy Fransiýa 1,1 mlrd ýewro jerime tölär

  • 18.03.2020 16:15
  • 7.8k+

“New York Times” we “BBC” neşirleriniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň 16-njy martynda Fransiýanyň hökümeti Apple kompaniýasyna antimonopoliýa kanunynyň talaplaryny bozandygy üçin 1,1 mlrd ýewro jerime saldy. Şeýle-de, Fransuz antimonopoliýa edarasy tarapyndan Apple-iň önümlerini tejribeli satyjylardan ikisi hem jerimä sezewar edildi – Tech Data kompaniýasy 76,1 mln ýewro we Ingram Micro kompaniýasy 63 mln ýewro. Ýagny, üç kompaniýanyň umumy jerimesi 1,24 mlrd ýewro barabar bolýar. Bu barada m.habr.com habar berýär.
“Bäsdeşlik meselesi boýunça edara firmalaryň öz torlarynyň içinde baha ylalaşygynyň we onuň satyjylar tory bilen bagly bolmadyk ykdysady garaşsyzlygyň bozulandygy üçin Apple-e 1,1 mlrd ýewro jerime saldy. Apple we onuň önümlerini tejribeli satyjylardan ikisi biri-biri bilen bäsdeşlik etmejekdikleri barada we kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşligiň öňüni almak barada ylalaşyga geldiler, şeýle etmek bilen olar Apple önümleriniň lomaý bazarlarynyň bäsdeşliklerini aradan aýyrýarlar” – diýip antimonopoliýa edarasynyň ýolbaşçysy Izabel de Silwa “New York Times” neşirine beren interwýusynda habar edýär.
Bu fransuz antimonopoliýa edarasynyň taryhynda onuň bir kompaniýa salan iň uly jerimesi bolup durýar. Bu kanuny bozulmalar boýunça derňewler bäsdeşlik meseleleri boýunça Fransuz edarasyna (Autorité de la concurrence, ADLC) Apple-iň premium reselleri eBizcuss-yň beren arzasy bilen baglylykda 2012-nji ýylda başlandy.
Apple Fransuz antimonopoliýa edarasynyň bu çözgüdinden şikaýat etmek isleýär, bu barada kompaniýanyň wekili Joş Rozenstok “CNBC” neşirine beren interwýusynda aýdýar.
“Fransuz antimonopoliýa komitetiniň karary oňaýsyz ýagdaýa salýar. Ol 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam eden tejribä täsir edýär we Fransiýadaky ähli kompaniýalaryň daýanýan otuzýyllyk hukuk göreldesini ýok edýär. Bu ähli pudakdaky kompaniýalarda bulam-bujarlyk döreder. Biz bu karar bilen asla ylalaşamzok we şikaýat etmegi meýilleşdirýäris” – diýip, Apple-iň wekili aýdýar.
Öň, 2020-nji ýylyň 2-nji martynda Apple kompaniýasy 2017-nji ýylda iOS täzelenenden soň haýal işläp başlan köne iPhone-laryň eýelerine töleg hökmünde $500 million bermäge razy boldy. Apple özüniň kanuny bozandygyny inkär edýär, ýöne şeýle etmek bilen ol kazyýet işinden gaçmakçy bolýar.
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda amerikan kazyýeti Apple we Broadcom kompaniýalaryna Kaliforniýanyň tehnologiýa institutyna maglumatlary Wi-Fi boýunça simsiz geçirmegiň çäklerinde institut tarapyndan bellenilen çözgütleri bikanun ulanandygy üçin degişlilikde $837,8 mln we $270,2 mln tölemeli etdi. Kazyýetiň bildirişinde kompaniýalaryň institutyň dört patentini bozandygy habar berilýär. Bu patentler maglumatlary simsiz geçiriji tehnologiýalara degişli edilýär.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......