Aleksandr Dadaýew TSTB-niň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 17.03.2020 21:20
  • 10k+

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan telekeçiler Aleksandr Dadaýewi Birleşigiň başlygy wezipesine gaýtadan saýladylar, diýip Arzuw News habar berýär. Şeýlelikde, A.Dadaýew 2024-nji ýyla çenli TSTB başlyklyk eder.
Maslahatda şeýle hem TSTB-niň müdirliginiň agzalary saýlanyldy. Bu saýlawlar her dört ýyldan geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar biragyzdan 9 sany dalaşgäri saýladylar.
Ýerli işewür ulgamyň ösüşi bilen bagly meseleler maslahatyň esasy mowzugy boldy. Gün tertibine eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin önümçilikde täze tehnologiýalaryň gazananlaryny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaklyk girizildi.
TSTB-niň bilermenleri telekeçiler ýyllyk hasabat bilen tanyşdyrdylar. Hasabata laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji martyndan 2020-nji ýylyň 1-nji marty aralykda 1809 sany telekeçi Birleşigiň agzalygyna kabul edildi. Bu günki gün olaryň jemi sany 24 200-e ýetdi.
Maslahatyň barşynda TSTB-de birnäçe ýyllaryň dowamynda zähmet çeken zenanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......