«Tesla» kompaniýasy bir hepdede 5,5 mlrd dollar ýitirdi

  • 15.03.2020 15:35
  • 7.3k+

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask bazardaky deňagramsyzlyk zerarly 5,5 milliard dollar ýitirdi. Bu barada Forbes žurnaly habar berýär diýip, Trend agentligi Ria Nowosti agentligine salgylanyp belleýär.
OPEC+ döwletleri 6-njy martda ne nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygyň düzgünlerini üýtgetmek babatda, ne-de onuň möhletini uzaltmak barada ylalaşyp bildiler. Netijede, 1-nji aprelden gurama gatnaşýan döwletlerde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakynda ähli çäklendirmeler güýjüni ýitirýär. Koronawirusyň ýaýramagy baradaky habarlar bilen birlikde bu habar hem nebit we beýleki bazarlarda düýpli aşaklamanyň ýüze çykmagyna getirdi.
Geçen hepde diňe bir Ilon Mask üçin çylşyrymly bolmady. Neşiriň bellemegine görä, geçen ýedi günde dünýäniň on sany iň iri milliarderleri 76,4 milliard dollaryny ýitirdi.
Uly ýitgi çekenleriň içinde «LVMH» kompaniýasynyň prezidenti Bernar Arno (14 milliard dollar ýitirdi), Inditex holdingini esaslandyryjy (Zara brendiniň eýesi) Amansio Ortega (12,8 milliard dollar) bar.
«Amazony» esaslandyryjy Jef Bezos 6 milliard dollardan gowrak ýitirendigine garamazdan, dünýäniň iň baý adamsy adyny saklap galdy. Häzirki wagtda onuň emlägi 110,5 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......