17-nji martda ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten derejelerine bagyşlanan sergi açylar

  • 14.03.2020 23:57
  • 3.9k+

17-18-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, serginiň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Giň möçberli sergide ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten derejeleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri görkeziler.
Sergi şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, sergi bilen ugurdaş Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......