Alymlar öň Ýerde gije-gündiziň dowamlylygynyň gysga bolandygyny subut etdiler

  • 14.03.2020 19:09
  • 5.3k+

Alymlar 70 million töweregi ýaşy bolan daşa öwrülip giden balykgulaklary seljermek bilen şeýle netijä geldiler.
Giçki hek döwründen galan daşa öwrülip giden balykgulak alymlara 70 million ýyl mundan öň Ýeriň öz okunyň daşyndan bir aýlawyny häzirkä garanda ýarym sagat çalt edendigini görkezdi. Bu öň astronomiki modelleriň kömegi bilen edilen çaklamany tassyklaýar. “Newsweek” žurnalynyň ýazmagyna görä, alymlar gadymy molýuskanyň gündeki ösüş halkasyny seljermek bilen netije çykardylar, bu barada unian.net. saýtyna salgylanmak bilen cursorinfo.co.il habar berýär.
Seneleri bahalandyrmanyň we kesgitlemäniň dürli tehnikalaryny ulanmak bilen olar ýylyň näçe günden ybaratdygyny hasaplamagy we bir günüň dowamynda ýagtylygyň möçberiniň üýtgeýşini kesgitlemegi başardylar. Derňewiň netijeleri dinozawrlaryň döwründe ýylyň 372 gün dowam edendigini ýüze çykardy. Bu häzirkiden bir hepde uzak. Goşmaça aýdanymyzda, dinozawrlaryň güni tas ýarym sagat gysgarak bolupdyr.
“Biziň günde maglumat berip durýan 4-5 sany nokadymyz bar. Bu geologiýanyň taryhynda hiç wagt mümkin bolmajak hadysadyr. Biz faktlaryň esasynda 70 million ýyl mundan öň günüň nähili bolandygyny bahalandyryp bilýäris. Bu belli bir derejede täsin” – diýip, “Vrije Universitei” uniwersitetiniň analitik-geohimigi Nils de Winter aýdýar. Derňewçiler astronomiki modelleriň 70 ýyl mundan öň günüň häzirkiden gysgarak bolandygy baradaky pikiri çaklandygyny belleýärler, täze derňew bolsa giçki hek döwründe ýylyň dowamlylygynyň anyk hasaby boldy.

şu gün 12:41
439

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
777

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......