“Formula-1” dünýäniň iň baý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy

  • 11.03.2020 22:00
  • 3.3k+

Dünýäniň iri nebit-gaz kompaniýasy Saudi Aramco “Formula-1” çempionaty bilen şertnama baglaşdy, bu barada autosport.com.ru habar berýär.
Kompaniýanyň “Formula-1”-e maýa goýumynyň bahasy habar edilenok. Indi Saudi Aramco-nyň logotipleri çempionatyň awtodromlarynyň köpüsinde we telegepleşikleriň grafiginde görkeziler. Mundan başga-da, kompaniýa üç Gran-priniň titul hemaýatkäri bolar: ABŞ, Wengriýa we Ispaniýa.
“Biz Saudi Aramco kompaniýasyny “Formula-1”-iň maşgalasynda uly şatlyk bilen garşy alýarys. Onuň bilen tejribe paýlaşmak we tehnologik innowasiýalaryň çäginde işe başlamak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Olaryň ýangyç-energetika gurşawyndaky mümkinçilikleri we tejribeleri bize peýda getirer” – diýip, F1-iň baş müdiri Çeýz Kerri belleýär.
Saudi Aramco “Formula-1”-iň altynjy hemaýatkäri boldy. Çempionatyň ilkinji bäş hemaýatkäri şulardan ybarat – DHL eltip bermäniň nemes hyzmaty, Birleşen Arap Emirliginiň Emirates awiakompaniýasy, Gollandiýanyň Heineken piwo kärhanasy, Italiýanyň Pirelli öndürijisi, Şweýsariýanyň Rolex el sagatlaryny öndürijisi.
Saudi Aramco nebit kompaniýasy doly diýen ýaly Saud Arabystanyň patyşa maşgalasyna degişli. Bu dünýäde nebit alýan iri kompaniýalaryň arasynda iň uly girdejili kompaniýa. 2020-nji ýyl boýunça kompaniýanyň dolanyşygy $712 mlrd-a barabar, onuň üstünligi $1,346 trln bilen bahalandyrylýar, kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy Microsoft we Facebook kompaniýalaryny bile alanyňdan hem ýokary bolup, ol $2 trln-a ýetýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......