Hytaýlylar smartfonlaryň ululygy boýunça ikinji bazaryny eýelediler

  • 10.03.2020 21:39
  • 2.5k+

Soňky ýyllarda smartfonlaryň hytaý bazary kem-kemden baýlaşýar, şonuň üçinem ýerli öndürijiler daşary ýurt bazarlaryny gözlemeli bolýarlar. Xiaomi, Oppo we Vivo Ýewropanyň, şeýle-de Günorta-Gündogar Aziýanyň we Hindistanyň bazaryna çykdylar.
Hindistan ilaty boýunça Hytaýyň ilatyna barabar. Häzirki wagtda ol Hytaýdan soň ululygy boýunça dünýäde ikinji bazar hasaplanylýar, ýöne onda orta we pes derejeli telefonlar agdyklyk edýär.
2014-nji ýylda hindi mobil telefonlarynyň paýyna 54% düşdi. Micromax kompaniýasy Samsungdan we beýleki bäsdeşlerden öňe geçmek bilen iri öndürijileriň biri hasaplanylýardy. Bary-ýogy üç ýylyň içinde Xiaomi, Oppo, Vivo we beýleki hytaý kompaniýalar Hindistanyň köp sanly ýerli kärhanalaryň el çeken bazaryny doly derejede eýelemegi başardylar.
2017-nji ýylyň ahyrynda Micromax hindi brendiniň paýy 6%-e çenli pese düşdi, hytaý brendleriniň smartfonlarynyň paýyna bolsa 40% degişli boldy. 2020-nji ýyla çenli hytaý brendleriniň paýy 70%-e çenli artdy.
Häzirki günde Micromax, Lava, Karbonn ýaly hindi smartfon kärhanalary bahasy 70$-a çenli bolan gurluşlary çykarýarlar.
Hindistanda Xiaomi, Samsung, Realme we OnePlus liderlik edýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......