Türkmenistan «Hyundai» şäheriçi awtobuslarynyň 400 sanysyny satyn alar

  • 08.03.2020 14:13
  • 5.9k+

«Türkmenawtoulaglary» agentligi 400 sany «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn alar. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligine Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» korporasiýasy bilen awtobuslaryň täze tapgyryny satyn almaga şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Belläp geçsek, Türkmenistan eýýäm ençeme ýylyň dowamynda şäher içi ugurlarynda «Hyundai» awtobuslaryndan peýdalanýar. Mundan öň, «Hyundai» kysymly awtobuslary 2016-njy ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde köpçülikleýin satyn alyndy. Şonda bu awtobuslaryň 500 sanysy satyn alyndy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......