Apple haýal işleýän aýfonlar üçin 500 mln dollar tölär

  • 05.03.2020 18:22
  • 8.3k+

Kompaniýa kazyýet arzasyndaky şikaýatda görkezilen smartfonlaryň her biri üçin 25$ tölär.
2017-nji ýylyň ahyrynda irki aýfonlarda bilkastlaýyn bökdençlikleri döretmekde aýyplanan Apple-e garşy gozgalan kazyýet arzasy bilen bagly waka eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Kompaniýa bu bökdençligi ulanyjylar hakyndaky alada bilen düşündirýär – iOS akkumulýator hatardan çykanda smartfonyň kadalaýyk derejede özbaşdak işlemegini üpjün etmek üçin prosessoryň takt ýygylygyny peseltdi.
ABŞ-nyň kazyýeti kompaniýanyň ulanyjylaryň hukugyny bozandygyny, şonuň üçin köpçülikleýin arzadaky adamlara kompensasiýa hökmünde ýarym milliard dollar tölemelidigi hakynda karar çykardy, diýip Reuters habarlar gullugy habar berýär. Apple diňe şu möçberiň özünden 100 mln dollardan gowragyny aklawjylaryň hyzmaty we beýleki goşmaça çykdajylar üçin sarp eder. Ulanyjylaryň kompensasiýalaryna bolsa 310 mln dollar tölär – bu bolsa her bir aýfon üçin 25$ bolýar.
Arzadaky şikaýat birbada birnäçe modeli – iOs 10.2.1 operasion ulgamynda işleýän iPhone 6, 6 Plus, 6S, 6S Plus, 7, 7 Plus we SE öz içine alýar. ABŞ-da bu smartfonlaryň ulanyjylary 2017-nji ýylyň aýagynda, Apple-e garşy arza bermek üçin birleşdiler. Russiýada hem amerikan kompaniýasyna garşy şular ýaly arzalar berildi, ýöne olar hiç hili netije bermedi.
Şol arzadan soňra iPhone-ň sazlamalarynda ulanyjylar üçin smartfonyň özbaşdak işleýän wagtyny üpjün etmek üçin prosessoryň öndürijilik kuwwatyny öňki derejesinde galdyrmaga ýa-da peseltmäge mümkinçilik döredi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......