Peugeot 208 Ýewropada ýylyň awtomobili boldy

  • 04.03.2020 11:43
  • 3.7k+

Şu ýylda “Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginde 281 bal ýygnamak bilen täze nesliň Peugeot 208 hetçbegi ýeňiş gazandy. Bu barada kommersant.ru habar berýär.
Bu bäsleşik 1963-nji ýyldan bäri geçirilýär we awtogurluşyk ugrundan hünär alýan žurnalistler tarapyndan gowşurylýar. Birinjilik üçin göreşde fransuz modeli degişlilikde 242 we 222 bal gazanan Tesla Model 3 we Porche Taycan elektromobillerini yzda galdyrdy.
Olaryň yzyndan tertip boýunça Renault Clio (211 bal), Ford Puma (209 bal), Toyota Corolla (152 bal) we BMW 1-Series (133 bal) gelýär. Bu awtomobilleriň arasynda ballar Ýewropanyň 23 döwletinden 60 žurnalisti öz içine alýan professional eminler tarapyndan paýlanyldy.
Bir zady belläp geçmek gerek, bu ýeňiş fransuz brendi üçin bäsleşigiň tutuş taryhynyň dowamynda bäşinji ýeňşi boldy. Soňky gezek Peugeot 2017-nji ýylda utdy, şonda birinji setirde 3008 krossoweri ýerleşdi.
Ýatladyp geçsek, Peugeot 208-iň täze nesli 2019-njy ýylyň fewralynda hödürlenildi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....