Hytaý täze milliarderleriň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi

  • 28.02.2020 22:24
  • 5.4k+

Hytaýyň Hurun derňew kompaniýasy dünýäniň täze milliarderleriniň sanawy baradaky derňewini neşir etdi. Dünýäniň iň baý adamlarynyň Hurun Global Rich List 2020 reýtingine laýyklykda, bir ýylyň içinde Hytaýda ABŞ-a garanda täze milliarderleriň sany üç esse artdy. Hasabatyň maglumatlaryna görä, Hytaýda bir ýylyň içinde 182 sany täze milliarderler ýüze çykdy, netijede milliarderleriň umumy sany ýurtda 800 adama ýetdi. Bu barada inforeactor.ru habar berýär.
Hurun-yň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, ABŞ-da şol bir wagtda milliarderleriň sany 59 adam artdy, umumy sany 626 diýlip hasaplanylýar. “Häzirki wagtda Hytaýda ABŞ-a we Hindistana garanda milliarderleriň sany köp” – diýip, “Hurun Report” neşirini esaslandyryjy Rupert Hugewerf belleýär. Täze koronawirus ýaýrawy Hytaýyň ekonomikasyna negatiw täsir etdi, ýöne ol onlaýn-bilim, onlaýn-oýun we waksinasiýa gurşawynda hytaý kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasynyň ösmegine getirdi. Hytaýyň ilatynyň köp böleginiň karantin zerarly öýde galmaly bolýandyklary we syýahatlarda çäklendirilýändigi sebäpli, onlaýn-hyzmatlaryna bolan isleg artdy, bu barada Hurun-yň hasabatynda aýdylýar. Muňa garamazdan, iň baý adamlaryň sanawyna üç ýyl bäri Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ($140 mlrd) ýolbaşçylyk edýär.
Analitikleriň maglumatlary boýunça, milliarderleriň köp bölegi Pekinde (110 adam) ýaşaýar, HHR-niň paýtagty bu rekordy eýýäm bäşinji ýyl yzygider saklaýar. Amerikan Nýu-Ýorkynda olar biraz az: 98 adam. Reýtingiň yzyny Gonkongdan öňe geçip, 86 milliarderi bilen hytaý Şanhaýy dowam etdirýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......