Audi Hytaýda awtomobil önümçiligini gaýtadan dikeltdi

  • 18.02.2020 22:54
  • 4.5k+

Audi nemes awtomobil öndüriji kompaniýasy koronawirus ýaýramagy zerarly işini wagtlaýyn togtadandan soňra, Hytaýyň Çançun şäherindäki zawodynda awtomobilleriniň önümçiligini gaýtadan dikeltdi. Bu barada sişenbe güni Automobilwoche hepdelik neşiri habar berýär, diýip Trend agentligi TASS-a salgylanyp belleýär.
«17-nji fewralda biz işimizi dikeltdik we ýagdaýlaryň ýaýbaňlanyşyny gündelik gözegçilikde saklaýarys» - diýip, neşir marketing bölüminiň başlygy Hildegard Wortmanyň sözlerini getirýär. Ol şeýle hem koronawirus ýaýrawy bilen bagly krizisiň heniz «gutarmandygyny» belledi.
Duşenbe güni Uhan welaýatyndaky «Leýşenşan» ýöriteleşdirilen hassahanasynyň baş lukmany Wan Sinhuan koronawirusyň ýaýrawynyň Hytaýda eýýäm iň ýokary derejesine ýetendigini, bu kesel bilen kesellänleriň sanynyň barha azalýanlygyny belledi. Hytaý hökümetiniň berýän maglumatlaryna görä, bu keselden saplanýanlaryň sany depginli artýar: eger-de, 14-nji fewralda 6,7 müň adamyň bu keselden üstün çykandygy habar berlen bolsa, onda 18-nji fewralda irden bu san 12,5 adama ýetdi. Şunuň netijesinde ýapon awtokonsernleri duşenbe güni Hytaýdaky zawodlarynyň işini dikeltmek kararyna geldiler. Netijede, Toyota Çançun we Guançžou şäherlerindäki, Mazda bolsa Nankindäki kärhanalaryny işe girizdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......