Dünýäde örän baý adamlaryň sany 10% artdy

  • 15.02.2020 22:40
  • 8.9k+

2019-njy ýyl boýunça dünýäde örän baý adamlaryň sany ýokarlandy. Muňa Wealth-X analitik kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
— Emlägi 5-den 30 million dollar aralygynda bahalandyrylýan örän baý adamlaryň sany (VHNW) 2019-njy ýylda 10%-den gowrak ýokarlandy – diýlip, geçirilen barlagda aýdylýar.
Dünýäde örän baý adamlaryň sanynyň indi 2,7 mln-a ýetendigi bellenilip geçilýär, bu bolsa 2019-njy ýyl boýunça 10% ýokarlanandygyny aňladýar.
Şeýle adamlaryň umumy emläginiň hem 10% ýokarlanyp, $26,6 trln-a ýetendigi hem anyklandy. 2018-nji ýylda örän baý adamlaryň sanynyň bary-ýogy 1% ýokarlanandygy bellenilýär. Örän baý adamlaryň sanynyň ösüşi boýunça Demirgazyk Amerika lider boldy. Ol ýerde örän baý adamlaryň emlägi 15% ýokarlandy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Mundan başga-da örän baý adamlaryň sanynyň ösüşi Aziýada we Afrikada hem bellige alyndy. Ýewropada we Ýuwaş ummany sebitlerinde hem görkeziji Ýakyn Gündogara garanda, ýokary boldy. Latyn Amerikada we Karib basseýniniň ýurtlarynda maddy-hal ýagdaýyň ösüş derejesi ýüze çykarylmady.
Kompaniýa emlägi 30 million dollardan ýokary bolan adamlary ultrabaý adamlar diýip atlandyrýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......