Nýu-Ýork gazna biržasynyň eýesi $30 mlrd-a «eBay-i» satyn almak isleýär

  • 06.02.2020 22:16
  • 3.9k+

Nýu-Ýork gazna biržasynyň eýesi bolan Intercontinental Exchange (ICE) kompaniýasy dünýäniň iň iri internet-meýdançalarynyň biri bolan eBay-i satyn almaga isleg bildirýär. Geleşigiň bahasy 30 milliard dollardan gowrak bolup biler. Bu barada Trend agentliginiň TASS agentligine salgylanyp habar berşi ýaly, The Wall Street Journal amerikan gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, ICE biržasy eBay-i satyn almak boýunça öň hem birnäçe teklip etdi. Biržanyň eýesi onlaýn ýagdaýda bölek söwda kärhanasyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Häzirki wagtda onuň bazar bahalandyrmasy $28 mlrd-dan geçýär. Neşiriň bellemegine görä, şol bir wagtda ICE bu nyrhdan has artyk tölemek isleýär.
Neşirde bellenilişine görä, taraplar heniz resmi taýdan gepleşiklere başlamady. eBay-iň ýolbaşçylary heniz gelen teklibi öwrenýärler.

düýn 23:23
455

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......