Türkmenistan Russiýadan lukmançylyk dikuçarlaryny satyn alar

  • 02.02.2020 23:12
  • 6.5k+

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Öwezow Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» kärhanasynda öndürilen lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bu dikuçarlar paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanmak, ilata tiz lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmaga niýetlenendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada aýdyp, Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.
Döwlet Baştutany soňky ýyllarda «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» kärhanasynyň önümleri bolan dikuçarlaryň kömegi arkaly ýurdumyzda ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak baradaky teklibi makullap, dikuçarlara ýokary hilli tehniki hyzmaty ýola goýmak we netijeli peýdalanmak boýunça guramaçylykly hem-de sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin wise-premýere zerur çäreleri görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......