Huawei dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň biri boldy

  • 02.02.2020 15:16
  • 4k+

Huawei hytaý kompaniýasy Brand Finance agentliginiň wersiýasy boýunça özüniň ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat brendleriniň onlugyna girendigini habar berdi.
«Brand Finance Global 500 2020» agentliginiň hasabatyna laýyklykda, Huawei reýtingiň onunjy setirini eýeledi. Hytaý brendini $65,084 mlrd bilen bahalandyrdylar, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,5% ýokarydyr.
Huawei kompaniýasynyň press-relizinde Brand Finance agentliginiň top-500-ine jemi 46 sany tehnologik kompaniýanyň girendigi görkezilýär, olaryň umumy bahasy $986,5 mlrd-a barabar (reýtingiň ähli kompaniýalarynyň bahasyndan 14%). Gyzykly ýeri, Huawei – onlukda ýeke-täk hytaý tehnologik brendi.
2019-njy ýylda kompaniýanyň 240 mln smartfony ýerlemegi meýilleşdirendigi habar berilýär. Ýylyň ahyryna çenli Huawei kompaniýasy diňe Mate we P seriýalaryndan 44 mln flagman gurluşlaryny ýerlemegi başardy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......