Google biznes üçin täze programma taýýarlaýar

  • 01.02.2020 22:38
  • 3.2k+

«The Information» neşiriniň maglumatlaryna görä, Google biznes üçin niýetleniljek täze programmany taýýarlamak bilen meşgullanýar. Bu programma Gmail, Google Drive, Hangouts Meet programmalaryny we Hangouts Chat messenjerini özüne birikdirer. Ony Microsoft, Slack we beýleki serwisler bilen bäsleşip biljek programma hökmünde döredýärler.
Häzirki wagtda mobil programmasy Google kompaniýasynda içki barlagdan geçirilýär.
Ony ýanwar aýynyň ortalarynda satyjylar we işewür hyzmatdaşlar üçin niýetlenilen ýapyk tanyşdyrylyşda görkezdiler. Häzirki wagtda web-wersiýanyň işlenip taýýarlanylmasy göz öňünde tutulanok.
Google-yň «bulut» bölüminiň baş müdiri Tomas Kurýan täze programma bilen tanyşdyrdy. Ol jemgyýetçilik torunda önümçiligi ýokarlandyrmaga niýetlenilen G Suite programma üpjünçilik kolleksiýasynyň bir bölegi bolar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......