Apple $22,2 mlrd gazanmak bilen rekordy täzeledi

  • 30.01.2020 23:14
  • 3.5k+

Apple kompaniýasy 2020-nji ýylyň birinji maliýe çärýegi boýunça maliýe hasabatyny neşir etdi, bu bolsa 2019-njy ýylyň dördünji çärýegine deň gelýär.
Bu döwür boýunça umumy girdeji $91,8 mlrd-a, arassa girdeji bolsa $22,2 mlrd-a barabar boldy. 2020-nji ýylyň birinji maliýe çärýegi Apple kompaniýasynyň tutuş taryhynyň dowamynda iň girdejili döwür boldy, şeýlelik bilen, Apple 2018-nji ýylyň degişli döwründe goýlan rekordy täzeledi.
Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kukuň aýtmagyna görä, iPhone 11 we 11 Pro, dakylýan gurluşlar we serwisler has köp girdeji getirdiler.
«Biz iPhone 11 we iPhone 11 Pro modellerimize bildirilen uly islegiň, şeýle-de, biznes serwisleriniň we dakylýan gurluşlaryň rekordly görkezijileriniň esasynda Apple kompaniýasynyň tutuş taryhynyň dowamynda çärýek boýunça iň ýokary girdejisi barada habar berýändigimize begenýäris. Işjeň enjamlaryň möçberi biziň her bir geografiki segmentlerimizde artdy we häzir 1,5 milliard rekord görkezijisine ýetýär. Biz muňa biziň müşderilerimiziň gyzyklanmasyna, kanagatlanmasyna we ygrarlygyna degerli şaýatnama hökmünde garaýarys, bu bolsa biziň ählitaraplaýyn ösmegimize sebäp bolup hyzmat edýär».
Apple satylan gurluşlaryň sanyny neşir etmeýär, ýöne olaryň girdejisini habar berýär.
-iPhone: $56 mlrd
-iPad: $5,9 mlrd
-Mac: $7,2 mlrd
-Aksessuarlar, dakylýan we öý enjamlary: $10 mlrd
-Serwisler: $12,7 mlrd
2020-nji ýylyň ikinji maliýe çärýeginde Apple girdejiniň $63-67 mlrd möçberde bolmagyna garaşýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......