Aşgabatda halkara maýa goýum forumy geçiriler

  • 28.01.2020 16:08
  • 3.1k+

Şu ýylyň 17-18-nji martynda Aşgabatda Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Trend agentligi forumyň hemaýatkäri bolan — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine salgylanyp habar berýär.
Bilelikdäki guramaçylar hökmünde TMT («Türkmen maslahatçylar topary») konsalting topary çykyş edýär. Forumyň sessiýalarynyň barşynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň meseleleri we Türkmenistanda senagat, oba hojalyk, ulag, logistika we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem forumyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işewür gepleşikleri geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Forumyň çäklerinde ýerli telekeçileriň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi-ýarmarka geçiriler.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 20 müňden gowrak telekeçileri özüne birleşdirýär we hereket edýän kadalaşdyryjy namalara laýyklykda, bu telekeçiler maýa goýumlary çekmek arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki kärhanalary döredip bilýärler.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......