Türkmenistan we Germaniýa işewür gatnaşyklary işjeňleşdirýär

  • 23.01.2020 23:49
  • 2.4k+

23-nji ýanwarda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň Daşary ykdysady syýasaty departamentiniň başlygynyň orunbasary doktor Andreas Nikoliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen dürli taslamalary amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagyň möhüm ugurlaryna garadylar.
«Tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen gurluşyk serişdeleri, azyk senagaty üçin enjamlar, oba hojalygy ulgamynda maşyn gurluşygy, turba we sorujy tehnologiýalary, elektrotehnika, senagat aragatnaşygy we howpsuzlyk ulgamlarynda işleýän nemes kompaniýalarynyň wekilleriniň birnäçesi bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda Germaniýanyň çäginden daşda hem meşhur bolan «Anton Ohlert GmbH &Сo», «Basalt AG», «SIСK», «Stäubli Bayreuth GmbH», «Teхtima Eхport Import GmbH», «MTS Mangal Transport & Shipping», «ZAB Zementanlagenbau GmbH», «LEISTRITZ Eхtrusions GmbH», «WILO SE», «Edison Teсhnologies GmbH», «Firma Gregori Weiser» hem-de beýleki birnäçe nemes kompaniýalarynyň wekilleri öz tekliplerini beýan etdiler.
Ýurdumyzyň we GFR-iň işewür toparlarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «СOMMIT PROJECT PARTNERS GmbH» (GFR) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......