Mail.ru mobil programmalarynyň ýewropa reýtinginde üçünji orny eýeledi

  • 17.01.2020 23:42
  • 1.8k+

App Annie marketing kompaniýasynda bellenilişine görä, ýewropa öndürijileriniň arasynda mobil programmalarynyň 2019-njy ýyldaky girdejileri boýunça Mail.ru kompaniýasynyň reýtingiň ilkinji üçlügine girdi, bu barada 17-nji ýanwarda TACC habar berýär.
App Annie kompaniýasy mobil programmalarynyň bazaryny seljermeklige ýöriteleşdirilen. Onuň reýtinginde ulanyjylaryň App Store we Google Play ýaly platformalar arkaly programmalary almaklaryna degişli maglumatlar jemlenen. 2019-njy ýyl boýunça TOP-10 reýtinginiň lideri Finlýandiýadan “Clash of Clans” mobil oýnuny ýola goýmaklyga ýöriteleşdirilen Supercell kompaniýasy boldy. Ikinji orny Irlandiýadan oýunlary işläp düzüji Playrix kompaniýasy eýeledi. Üçünji orunda bolsa Mail.ru.
Barlagyň netijelerine teswir bermek bilen, Mail.ru kompaniýasynda holdingiň oýun ugrundan alnyp barylmagynyň esasy diýlip kesgitlenilendigi bellenildi. 2019-njy ýylyň görkezijileri boýunça, bu segmentde girdejileriň ösüşi geçen döwür bilen deňeşdirilende tas 25%-e barabar boldy.
Ýatlap geçsek, Mail.ru kompaniýasy daşary ýurtlar boýunça hem öz çägini giňeldýär. 2019-njy ýylda oýunlardan gazanylan girdejileriň 2/3 bölegi daşary ýurtlardan geldi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......