Alphabet «trillionlyklaryň klubyna» girdi

  • 17.01.2020 21:10
  • 2k+

Alphabet korporasiýasy «bir trillionlyk klubyň» hataryna girdi.
16-njy ýanwarda NASDAQ biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça Alphabet-iň A klasdaky paýnamalarynyň bahalary $1450-den geçdi. Şeýlelikde, holdingiň umumy bahasy taryhy rekord derejä çykyp, söwdalaryň ýapylyşynda $1 trln-a deň boldy. soňky 12 aýyň içinde Google-iň eýesiniň paýnamalary üçden bir esse köpeldi.
Alphabet trillion çäkden geçen dördünji amerikan kompaniýasy boldy.
Mundan öň, bu görkezijiden iPhone öndüriji bolan Apple, programma üpjünçiliginiň weterany Microsoft we dünýäde iň iri onlaýn-riteýler Amazon boldy.

düýn 23:23
455

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......