Türkmenistanda internet-dükanlarynyň işiniň düzgünleri işlenip düzüldi

  • 11.01.2020 11:38
  • 5.4k+

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak hem-de ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly «Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu taslama «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» hem-de «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly işlenip taýýarlanyldy.
Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap sanly gurşawyň möhüm bölegi bolan elektron söwdasynyň durmuş şertlerine laýyklykda zerurdygyny belledi.
Şunda döwlet Baştutany harytlaryň uzaklykdan satylmagynyň, bu ozaly bilen, ýokary amatlylyk we hyzmatlar, sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak, söwdanyň guralmagyna innowasion çemeleşme hem-de alyjylar üçin aňrybaş amatlylyk bolup durýandygyny nygtady we ulgama sanly hyzmatlary ornaşdyrmak barada anyk görkezmeleri berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......