«Forbes» 2019-njy ýylyň iň girdejili we ýitgili milliarderlerini atlandyrdy

  • 23.12.2019 22:57
  • 5.3k+

«Forbes» žurnaly soňky 12 aýyň dowamynda dünýäniň beýleki baý adamlaryna garanda has köp gazanmagy başaran milliarderleri atlandyrdy. Bu barada TACC-a salgylanmak bilen Trend habar berýär.
Žurnalyň işgärleri $1 mlrd-dan az bolmadyk ölçegdäki emlägiň eýesi hasaplanylýan takmynan, 2,2 müň şahs baradaky informasiýany seljerdiler. Gürrüň diňe erkin gatnaşykdaky kompaniýa, paýnama pul goýýanlar barada gidýär. Bu adamlaryň 2018-nji ýylyň 28-nji dekabryndan häzirki ýylyň 13-nji dekabryna çenli döwürdäki hususy serişdeleriniň jemi gymmatynyň üýtgeýşi göz öňünde tutuldy.
Neşiriň bellemegine görä, maliýe gatnaşykda hasabat döwri jemi tas $112 mlrd gazanan bäş sany milliarder üçin has üstünlikli boldy. Bu sanawa Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýasynyň fransuz toparynyň müdiri Bernar Arno, Facebook amerikan korporasiýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, Zara ispan söwda torunyň eýesi Amansio Ortega, Microsoft amerikan kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Stiw Balmer, şeýle-de Reliance Industries hindi holdinginiň eýesi Mukeş Ambani girdi.
Arno hasabat döwründe $40 mlrd gazandy, onuň jemi emlägi $107,7 mlrd-a çenli artdy. Sukerberge degişli serişdeleriň bahasy $22,1 mlrd, ýagny $72 mlrd-a çenli ýokarlandy. Orteganyň emlägi $17,3 mlrd, $74,9 mlrd-a çenli artdy. Balmeryňky - $16,3 mlrd, $56,3 mlrd-a çenli, Ambaniňki - $16,1 mlrd, $61,4 mlrd-a çenli.
Žurnal soňky 12 aýyň dowamynda hususy serişdeleriniň jemi bahasy beýlekilere garanda has azalan bäş sany milliarderi hem atlandyrdy. Sanawa $14,1 mlrd-y elden gidiren hindi biznesmeni Azim Premži ýolbaşçylyk etdi. Bu puluň bir bölegini telekeçi haýyr-sahawat zerurlygyna bagyş etdi, onuň jemi emlägi $7,2 mlrd-a çenli peseldi. Ikinji orny Amazon amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos eýeledi. Onuň hususy serişdeleriniň jemi bahasy nika bozulmada emlägiň bölekleýin bölünmegi netijesinde $13,1 mlrd, ýagny $109,7 mlrd-a çenli peseldi. Forbesiň bahalandyrmasyna laýyklykda, Bezos dünýäde iň baý adam.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......