Samsung-y, Huawei-ni we Xiaomi-ni bile alanyňda-da Apple aýfonlar bilen köp gazanýar

  • 21.12.2019 23:28
  • 5.6k+

«Counterpoint Research» kompaniýasy öndürijileriň telefonlaryň satuwyndan näçe girdeji gazanýandyklaryny anykladylar. Olaryň arasynda Apple uly aratapawut bilen liderlik edýär.
Apple smartfonlaryň satuwyndan 66% girdeji gazanýar. iPhone telefonlary Samsung, Huawei, Xiaomi, Oppo we Vivo kompaniýalarynyň ähli enjamlaryny bile alanyňda hem has köp girdeji getirýär.
Bu bolsa gymmat bahaly gajetleri yzygiderli satyn alýan ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň arasynda iPhone telefonynyň has meşhurlygy bilen baglydyr.
Ikinji orunda Samsung. Oňa Android-öndürijileriň arasynda has köp girdeji düşýär (17%). Ýöne Apple fonunda bu barybir örän pes.
Hytaý kompaniýalary Ýewropa ýurtlarynda işjeň hereket edýändigine garamazdan, ýokary tapawut bilen “öwnüp bilenoklar”.
Analitikler köp operatorlar we 5G-li smartfonlar ýüze çykanda bu ýagdaýyň üýtgejekdigini aýdýarlar. Ilkinji nobatda munda hytaý öndürijileri üstün çykar, çünki olar 5G-li gajetleri ýokary baha bilen satyp bilýärler.
2019-njy ýylyň üçünji çärýeginde telefony öndürijiler $12 mlrd gazandylar. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 11% azdyr.
Girdejiniň peselmegini ekspertler kompaniýalaryň arzan gurluşlaryň assortimentini giňeldendigi, flagman modelleriniň satuwynyň bolsa pese gaçandygy bilen düşündirýärler.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......