Türkmen doňdurmalary Hytaýa eksport edilip başlandy

  • 20.12.2019 23:59
  • 5.4k+

«Täze Aý» kärhanasy Hytaý Halk Respublikasyna doňdurma eksport edýär. Ilkibaşda synag tapgyryndan başlap, ýylyň ahyrynda kärhana «Täze Aý» haryt nyşanly süýtli plombirleriň 110 tonnadan gowragyny eksport etmek boýunça sargyt aldylar.
Doňdurmaly konteýnerler eýýäm Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen Ninbo port şäherine düşürildi. Bäş millionlyk ilaty bolan bu şäher Türkmenistanda öndürilen süýtli plombirlere ýokary baha berdiler. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, geljek ýylyň ýanwar aýyndan başlap, HHR-e yzygiderli esasda «Täze Aý» doňdurmalarynyň onlarça tonnasy eksport ediler.
2004-nji ýylda esaslandyrylan «Täze Aý» önümçilik birleşigi ýurdumyzda süýt we konditer önümleriniň, et önümlerini, şeýle hem doňdurmalaryň önümçiligi boýunça giňden meşhurdyr. Bu haryt nyşanly önümleriň görnüşleri sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar we kompaniýanyň ýurduň tutuş çäginde hereket edýän dükanlarynda satylýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......