Aşgabatda «Ýylyň ýaşlar kompaniýasy» bäsleşigi geçirildi

  • 20.12.2019 23:12
  • 3.7k+

Şu ýylyň 16-20-nji dekabry aralygynda geçirilen Sanly ykdysadyýet, telekeçilik we innowasiýalar hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäreler gurnaldy. Şolaryň hatarynda 18-19-njy dekabrda «2019-njy ýylyň ýalar kompaniýasy» bäsleşigi geçirildi, diýip Arzuw.news habar berýär.
Bu bäsleşigiň birinji tapgyrynda 18-nji dekabrda 12 sany ýaşlar toparlary öz biznes-kompaniýalarynyň modellerini emin agzalaryna — telekeçili we bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine tanyşdyrdylar. Ertesi gün «Ak Altyn» myhmanhanasynyň dabaralar zalynda bäsleşigiň ikinji – jemleýji tapgyry — Ýaşlar kompaniýalarynyň önümleriniň ýarmarkasy gurnaldy.
Toparlar tarapyndan hödürlenilen önümler dürli-dürlüligi, innowasion çemeleşilenligi, ýerli materiallaryň ulanylmagy, gaýtadan ulanylmaga ukyplylygy we ekologiýalylygy bilen tapawutlandy. Toparlaryň ählisi hem ykdysadyýetiň we biznesiň esaslary boýunça bilimlidiklerini, telekeçilik başarnyklaryna, sanly ulgamdan sowatlylyga eýedigini görkezdiler.
Emin agzalarynyň ses bermegi netijesinde «Iň gowy biznes-ideýa», «Innowasion çemeleşme», «Iň gowy biznes-prezentasiýa», «Iň gowy biznes-meýilnama», «Sanly marketing», «Iň gowy söwda tehnikasy» we «Söwda ýeriň iň gowy bezegi» ýaly ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Şeýle hem «Ýaş telekeçileriň saýlany» ugry boýunça ýeňijileri kesgitlemek üçin onlaýn-ses berlişik geçirildi.
Ses berlişigiň netijeleri boýunça birinji orny Aşgabat şäheriniň mehanika-tehnologiýa orta hünär mekdebine wekilçilik edýän «Ynamdar ýoldaş» topar eýeledi. «Ynamdar ýoldaş» topary dolulygyna ekologiýa taýdan arassa pagta kagyzyndan taýýarlanylýan torbalary hödürlediler.
Sanly ykdysadyýet, telekeçilik we innowasiýalar hepdeliginiň esasy guramaçylary bolup ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň «Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine goldaw bermek» taslamasynyň (USAID) goldawy bilen «Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi» çykyş etdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......