Telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi tassyklanyldy

  • 19.12.2019 11:37
  • 4.3k+

Türkmenistanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, bu Karar «Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen tassyklanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Işewürligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän syýasat telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge saldamly goşant goşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......