«Rysgal» PTB internet-banking ulgamyny işe girizýär

  • 13.12.2019 19:25
  • 5.7k+

«Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky telekeçiler we hususy taraplar üçin Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda uzak aralykdan bank hyzmaty ulgamyny (başgaça, internet-banking) ornaşdyrýar. Bu barada Orient habar berýär. Täze bank hyzmatynyň tanyşdyrylyşy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçdi.
Bu ulgam fiziki we ýuridiki şahslara öýden ýa-da edaradan daşyna çykman, 24 sagadyň dowamynda bank hasabyndaky pul serişdelerini dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmat diňe bir çykdajylary azaldyp, wagty tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem, amala aşyrylýan operasiýalaryň howpsuzlygyny üpjün eder, bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy has netijeli eder, şeýle hem hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Aleksandr Dadaýew tanyşdyrylyş dabarasynda eden çykyşynda bu hyzmatyň ýola goýulmagynyň Türkmenistanyň bütindünýä bank ulgamyna goşulmagynda ägirt uly ädimdigini nygtady.
— Bu hyzmaty meniň özüm hem eýýäm ulanyp gördüm. Ynanaýyň, bu diýseň oňaýly – diýip, ol çykyşynda belledi.
Hasabyňdaky serişdeleriň dolanyşygyny görmekden başga-da, internet—banking hyzmaty serişdeleriňi dolandyrmak we internete mümkinçiligi bolan islendik enjamdan hasaplaşyk amallaryny ýerine ýetirmek ýaly amatlyklara hem eýedir. Islendik amal ýerine ýetirilende telekeçiniň telefonyna tassyklamak üçin kod belgili SMS gelýär.
Täze ýyldan başlap islendik adam bu hyzmaty birikdirip biler.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......