Facebook we Google ABŞ-nyň iň gowy iş berijileriniň onlugyndan aşak düşdüler

  • 13.12.2019 06:57
  • 1.8k+

Tehnologik ägirtleri bolan Facebook we Google köp wagtlap işgärler üçin döredýän ýeňillikleriniň we sylaglaryň kömegi bilen dünýäde iň bir özüne çekiji iş ýerleriniň biri hasaplanypdy. Häzir bolsa kompaniýalar öz reýtingini örän çalt ýitirýärler we netijede arzuw edilýän iş bolmakdan galýarlar.
«Glassdoor» kompaniýasy iş bilen iň gowy üpjün edijileriň her ýylky reýtingini neşir etdi, diýip Bloomberg habar berýär. Programma üpjünçiligini işläp düzüji HubSpot reýtingiň lideri boldy. Soňky 10 ýylyň içinde üç gezek birinji orny eýelän Facebook bolsa häzir 23-nji setirde ýerleşýär. Bu bolsa 2011-nji ýyldan bäri reýtingiň tutuş taryhynda sosial toruň iň pes pozisiýasydyr. 2018-nji ýylda Facebook Glassdoor sanawynda 7-nji orny eýeläpdi.
Google 2015-nji ýylda iň gowy iş orunlarynyň arasynda lider bolupdy, şeýle-de ol soňky 8 ýylda onluga hem girdi. Häzir bolsa kompaniýa 11-nji setirde ýerleşýär. Birwagtlar 25-lige girýän Apple bolsa 84-nji orny eýeledi. Amazon 12 gezek yzly-yzyna reýtinge girmedi.
Sanawy düzmek üçin Glassdoor işgärlerden işiň höweslendirmek, ýeňillik, korporatiw medeniýeti we ýokary ýolbaşçylyk ýaly nukdaýnazarlaryna degişli sorag etmek usulyny peýdalanýar. Meselem, Facebook-da köp işgärler mugt iýmitlenmek, korporatiw transport we egin-eşikleri ýuwmak hyzmaty ýaly ýeňillikleriň möçberinden närazy bolýarlar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......