5 ýylyň içinde «Facebookda» reklamanyň bahasy 50 esse, Instagramda bolsa 12 esse ýokarlandy

  • 07.12.2019 22:16
  • 1.9k+

Inflýuenserlerde mahabat üçin iň gymmat sosial tor — YouTube bolmagynda galýar, ikinji orunda – Instagram.
Izea platformasy inflýuenserlerde mahabatyň nyrhyny 13 ýyllap seljerdiler we 2014-nji ýyldan bäri blogerlerdäki bildirişe bolan islegiň nyrhy, edil postlaryň nyrhynyň ýokarlanyşy ýaly esli artandygy baradaky netijä geldiler.
Platformanyň berýän maglumatlaryna görä, bildirişiň nyrhyna bolan iň uly ösüşi Facebook görkezdi: bu sosial torda mahabat üçin kesilýän nyrh 50 essä golaý ýokarlandy (ortaça baha $8-den $395-e çenli artdy). YouTube-da wideo integrasiýasy ösüşiň iň gymmat usuly bolmagynda galýar – onuň bahasy 16 esse artdy ($420-den $6700-e çenli). Twitterde ýatlamalar 14,6 esse ($29-dan $422-ä çenli artdy), Instagramda post bolsa – 12 esse ($134-den $1643-e çenli) gymmatlady. Şeýlelik bilen, YouTube-dan soň bloger mahabaty üçin iň gymmat platforma Instagram boldy.
Marketologlar inflýuenserleriň döredýän we ýaýradýan kontentine uly ähmiýet berýärler. Biz inflýuenserler tarapyndan döredilýän kontentiň, adatça agentlikleriň meşgullanýan kreatiwi bilen bäsleşip, köp ýagdaýlarda bolsa onuň ornuny hem tutup biler diýip hasaplaýarys. Nyrhyň esli ýokarlanandygyna garamazdan, inflýuenserler agentliklere garanda has täsirli kontent döretmäge ukyplydyr” – diýip, Izea-nyň ýolbaşçysy we esaslandyryjysy Ted Merfi belleýär, şeýle hem ol sözüniň üstüne blogerler bilen deňeşdirende agentliklerde idealary işläp taýýarlamagyň, modeliň, fotosuratçynyň işiniň bahasynyň, lokasiýanyň we retuşanyň nyrhynyň ýokarydygyny goşýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......