Alymlar gorkunç düýş görmegiň peýdasy barada aýtdylar

  • 29.11.2019 17:16
  • 21k+

Amerikan we şweýsar alymlary gorkunç düýşleriň nähili peýda getirip biljekdigini anykladylar. Bu barada TACC Human Braing Mapping žurnalynda neşir edilen ylmy işe salgylanyp habar berýär.
Gijeki garabasmalar – bu nerw sistemasy üçin türgenleşdiriji poligon, barlaglaryň netijelerinden gelip çykyşyna görä, erbet düýşler adamy mümkin bolan stress ýagdaýlaryna taýýarlamaga kömek edýär.
Barlagçylar elektrik ensefalogrammanyň kömegi bilen beýniniň haýsy böleginiň uky wagtynda garabasmalara täsir edýändigini anyklamakçy boldular.
Barlag iki tapgyrda geçirildi. Ilki bilen lukmanlar 18 sany meýletinçini barlagdan geçirdiler, uky wagtynda elektrik ensefalografiýa usulynyň kömegi bilen (EEG) olaryň beýnisiniň dürli bölegindäki işjeňligi ölçediler. Her barlagdan geçirilýäniň kellesinde 256 datçigi berkitdiler. Şeýle-de olary uky wagtynda birnäçe gezek turzup, oýanmazyndan öňdäki sekuntlarda nähili düýş görendiklerini soradylar. Şeýle etmek bilen alymlar beýniniň haýsy böleginiň ol ýa-da beýleki emosinal hasratlara jogap berýändigini anyklamakçy boldular. Netijede, olar uky wagtynda gorky duýgusyna jogap berýän iki bölegi aýan etdiler: bu merkezi bölek we öňki guşaklyk gabyk. Merkezi bölek oýanan wagtyňdaky emosiýalara jogap berýär we biz gorkuny duýan wagtymyz sistematik taýdan janlanýar.
Öňki guşaklyk gabyk bolsa organizmi howpa bolan täsire taýýarlamaga gönükdirilendir.
Soňra alymlar ýene-de bir barlag geçirdiler. Onuň maksady ukudaky gorky bilen huşdakynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamakdan ybaratdy. 89 sany barlagdan geçiji bir hepdäniň dowamynda irden özleriniň düýşlerini we başdan geçiren emosiýalaryny depdere ýazmalydy. Şundan soň magnit-rezonans tomografiýasynyň kömegi bilen ekspertler barlaga gatnaşyjylaryň betbagtçylyk sahnasyndan görkezilen suratlara nähili täsir edýändiklerini anykladylar.
Ukuda başdan geçirilen gorky näçe güýçli bolsa, gatnaşyjylarda merkezi bölek we guşaklyk gabyk şonça-da az aktiwleşýärdi, ýagny garabasma köp bolýan adamlarda gorkynyň we howsalanyň derejesi pes. Şeýlelik bilen hünärmenler ukudaky emosiýa bilen ukudan daşardaky emosiýanyň arasynda baglanyşygyň bardygyny anykladylar.
Gijeki garabasmalar bu nerw sistemasy üçin gowy tälimçi. Şunuň bilen baglylykda alymlarda düýşi depressiýany we howsalaly ýagdaýlary bejermek üçin ulanmak pikiri döredi. Olaryň logikasy şeýle aňladylýar: eger pasientde gijelerine gorky döredip bolsa, onda olar durmuşda az gorkarlar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......