adidas dolulygyna gaýtadan işlenilýän krossowkalaryny hödürledi

  • 24.11.2019 23:57
  • 3.6k+

Adidas sport brendi öndürilýän krossowkalaryň işlenilip taýýarlanylyşy barada gürrüň beripdi, indi bolsa ol dolulygyna gaýtadan işlenilýän jübüt bolan Futurecraft. Loop modeliniň nähili boljakdygyny görkezdi.
Sport aýakgaplary öndürmegiň kynçylygy onuň dürli materiallardan taýýarlanylýandygyndan ybaratdyr – rezinler, penist polimerleri, poliester, gaýyş we dokma önümleri, olary bölüşdirmek kyn we olaryň ählisi gaýtadan işläp taýýarlamaga degişli däl. Futurecraft. Loop aýakgaplary dabanyndan başlap bagjygyna çenli tutuşlaýyn bir polimerden ediler: bu TPU plastigi, ony häzirki wagtda 3D printerlerde ulanýarlar.
Futurecraft. Loop krossowkalary – ylgaw modeli, türgenler üçin hem, şeýle-de ýönekeý işjeň durmuşy söýüjiler üçin hem laýyk gelýär. Haçan-da jübütler ýyrtylan wagtynda olary gaýtadan işlemäge ibermek bolýar: krossowkalary maýdap, ownujak böleklere öwürerler, soňra ondan polimeriň dürli formalaryny etmek bolýar – süýüm, dokma däl polotno we massa.
Häzirki wagtda Futurecraft. Loop krossowkalaryny 5-10% goşmaça goşup, täze materiallardan öndürdiler, ýöne öndürijiler uzagyndan bu krossowkalary tutuşlaýyn gaýtadan işlenilmeli çig maldan öndürmek isleýärler. Modeli eýýäm dünýäniň ähli ýerinden 200 türgen barlap gördi, ýöne iş entek dowam edýär: krossowkalaryň köpçülikleýin satuwyna 2021-nji ýylda başlanar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......