2020-nji ýylda işgärlere gerek bolan esasy tehniki başarnyklar

  • 22.11.2019 05:27
  • 3.5k+

Global bazarynda bäsleşige ukyply bolmak üçin kompaniýalara işgärleriň bilim goruny giňeltmek gerek bolup durýar. Tehniki endikler iň aktual bolup galýarlar, ýöne olaryň toplumy derrew üýtgeýär, muňa garamazdan, olar diňe bir tehnologiýanyň çägindäki hünärmenlere däl-de, her kime hem gerekdir.
Udemy okuw onlaýn-platformasy 2020-nji ýylyň Workplace Learning Trends dokladyny hödürledi. Bu doklad 40 mln ulanyjydan sorag etmegiň netijesiniň esasynda döredildi. Kompaniýa adamlaryň haýsy bilimi gazanmaga yhlas edýändiklerini anyklady.
Aşakda işgärleriň eýýäm häzirki wagtda kämilleşdirýän, 2020-nji ýylyň iň meşhur tehniki endikleriniň onlugy hödürlenilen:
1.Python – bu programmirleme dili programma üpjünçiligini işläp düzmekde, infrastrukturalary dolandyrmakda we maglumatlary analizlemekde peýdalanylýar.
2.React (web) – ulanyjy interfeýsleri döretmek üçin JavaScript kitaphanasy.
3.Angular – web-programmalary işläp düzmek üçin JavaScript-iň esasynda döredilen açyk başlangyç kodly interfeýs programma platformasy.
4.Maşyn bilimi – algoritmleriň we statistik modelleriň ylmy derňewi.
5.Docker – konteýner diýlip atlandyrylýan programma üpjünçiliginiň paketlerini döretmek üçin açyk başlangyç kodly platforma.
6.Django – Python-yň esasyndaky açyk başlangyç kodly tölegsiz web-programma platformasy.
7.CompTIA – informasion tehnologiýa senagaty üçin professional şahadatnamalaryny berýän söwda däl tehniki gurama.
8.Amazon AWS – bulut tehnologiýalaryndan baş çykarýandygyny aňladýan şahadatnama.
9.Çuňlaşdyrylan bilim – Emeli neýro torlaryna gönükdirilen maşyn biliminiň bölümi.
10.React Native (mobile) – Android, iOS, Web we Windows hyzmatlaryny işläp düzmek üçin Facebook tarapyndan döredilen açyk başlangyç kodly mobil programmalaryň platformasy.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......