Garaşsyzlyk ýyllarynda 23 müňe golaý adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

  • 27.09.2019 13:49
  • 8.4k+

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň hatarynda bu meselä örän uly üns berip başlady. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine halkara tagallalarynyň birleşdirilmegi talap edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda 23 müňe golaý (22 müň 930) adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2018 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Şonuň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamy kabul etmek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ýakynda Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Dabarada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň baştutany Ýasuko Oda, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa raýatsyzlyk meseleleriniň çözülmeginde Türkmenistanyň saldamly goşandyny bellediler. Ýurdumyzyň görkezýän nusgasy diňe bir Merkezi Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin hem möhümdir.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 22:19
1.5k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......