Raýatlygy bolmadyk 863 sany adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi

  • 20.09.2019 22:41
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 863 sany adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. 
Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna degişli ministrlikler we edaralar bilen bilelikde raýatlygy bolmadyk Türkmenistanyň raýaty bolmak isleýän adamlaryň resminamalaryny düzetmek boýunça işleri dowam etmek bellenildi.
20-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, BMG-niň agzasy bolmak bilen Türkmenistan öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýerine ýetirýär. Şeýle hem ýurduň Konstitusiýasyna, BGM-niň bosgunlar hakyndaky dürli Konwensiýalaryna laýyklykda raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw hyzmatyny berýärler.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe Türkmenistanyň täze raýatlaryny pasportlar bilen üpjün etmek tabşyryldy. welaýatlaryň häkimlerine olaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny we zerur bolan ýagdaýlarynda olaryň işe ýerleşmegine we jaý üpjünçiligine ýardam etmek tabşyryldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 22:19
1.5k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......