Türkmenistanda ilkinji gezek «Suşi taýýarlaýanlaryň bäsleşigi» geçiriler

  • 13.09.2019 03:25
  • 5.1k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Dostawka.bar» onlaýn-platformasy bilen bilelikde isleg bildirýänleriň ählisini Türkmenistanda ilkinji geçek geçirilýän «Suşi taýýarlaýanlaryň bäsleşigine» gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Orient habar berýär.
Aşpezlik bäsleşiginiň maksady — türkmenistanlylary ýapon medeniýeti we Günüň dogýan ýurdunyň milli aşhanasy bilen has ýakyndan tanyşmagyna ýardam etmek bolup durýar.
Balykdan, deňiz önümlerinden we tüwüden taýýarlanylýan tagam Ýaponiýanyň gastronomik tanyşdyryjysydyr. Olary taýýarlamak — giden bir ylym, çünki diňe onuň tehnologiýasyny bilmek we zerur bolan gurallara eýelik etmek ýeterlik däl, eýsem, ony gözel görnüşde berip bilmek hem zerurdyr.
Bäsleşik birnäçe tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar su-şeflige attestasiýadan geçerler. Olara ýörite gollanma berler, ol özleşdirilenden soňra ýörite test barlagy geçiriler. Netijede iň güýçlilerden 8-si ikinji tapgyra geçer. Bu ýerde olar ýapon tagamlaryny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezerler.
Ýörite meýdançada bäsleşige gatnaşyjylar tizlik babatda suşi, rollary we saşimileri taýýarlamakda, üstesine dürli stillerde taýýarlamakda ýaryşarlar.
Tizlik — bu tagamlary taýýarlamakda möhüm şertdir. Myhmanlar ter tagamdan dadyp, onuň lezzetini alyp bilmeli. Tizlikden başga-da, gatnaşyjylar tagam taýýarlamak işiniň gurnalyşyna we işiň arassalygyna, taýýarlanylyşyň hiline we tagamyň hödür edilişine, onuň tagam aýratynlyklaryna görä bahalandyrylar. Her punkty üçin gatnaşyjy 20 bal alar. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň baş aşpezi goşmaça bal berer. Iň köp bal toplan adam «Suşi taýýarlaýanlaryň bäsleşiginde» ýeňiş gazanar.
Geljekde bu hili bäsleşigi yzygiderli esasda geçirmek meýilleşdirilýär.
«Suşi taýýarlaýanlaryň bäsleşigine» gatnaşmaga isleg bildirýänler 10-njy oktýabra çenli resminamalaryny tabşyrmaly. Goşmaça maglumaty bäsleşigi gurnaýjylaryň saýtyndan görüp bilersiňiz.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......