Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna wiza almaklygyň düzgüni üýtgedildi

  • 07.06.2019 00:23
  • 8.4k+

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) wiza bermekligiň düzgünlerine üýtgeşmeler girizdi. Bu üýtgeşmeler Bileleşige girýän ýurtlara syýahat etmekligi ýeňilleşdirer we migrasiýa çökgünligi meselesini çözmäge ýardam eder. Bu barada penşenbe güni Brýusselde ÝB-niň Geňeşiniň ýaýradan beýanynda bellenilýär, diýip TASS agentligi habar berýär.
«ÝB Geňeşi wiza kodeksine üýtgeşmeler girizdi, bu üýtgeşmeler kanuny hukukly (legal) syýahatçylar üçin amatly şertleri döreder, şeýle hem legal däl migrasiýa bilen bagly meseleleri çözmäge degişli gurallary giňelder» diýlip beýanda bellenilýär. Geňeşiň beýan etmegine görä, «täze düzgünler kanuny hukukly syýahatçylar üçin wiza almaklygy ýeňilleşdirer we tizleşdirer».
«Täze düzgünler wiza almak üçin 6 aý öňünden we sapara gidilmegine 15 gün galandan gijä galman arza tabşyrmaga rugsat berýär, arzany elektron görnüşde doldurmaga we gol çekmäge mümkinçilik berýär, položitel wiza taryhy bolan hemişelik syýahatçylar üçin 1 ýyldan 5 ýyla çenli artýan döwür üçin köp gezeklik wiza almaga rugsat berýär» diýlip beýanda aýdylýar.
Şol bir wagtda ÝB konsullyk ýygymyny 60-dan 80 ýewro çenli artdyrdy. «ÝB agza döwletleriň arza berijilere bökdençlikleri döretmezden wiza resmileşdirmeleri üçin çykdajylary oňat ödemegi üçin wiza ýygymlary 80 ýewro çenli artdyrylar. Düzgünnama laýyklykda, wiza töleglerine üýtgeşmeler girizmek meselesine her üç ýyldan serediler» diýip ÝB Geňeşi nygtaýar.


10.01.2026 11:18
3.5k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler...

13.11.2023 23:21
9.9k+

Gollandiýanyň Amersfort şäheri Ýewropanyň iň gowy şäheri boldy

Londondaky Urbanizm akademiýasynyň pikiriçe, ýylyň Ýewropa şäheri Niderlandiýanyň Amersfort şäheri boldy. Bu barada aif.ru belleýär. Bu ady almak ugrundaky göreşde şäher Angliýanyň Ekseter we Ispaniýanyň Estepona...

04.08.2021 01:18
5.1k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary syýahatçylar üçin giriş düzgünlerini üýtgedýärler

Ýewropa syýahatçylary şu tomus ol ýa-da beýleki bir ýurda girmegiň hemişe üýtgäp durýan düzgünlerine üns bilen gözegçilik etmeli bolýarlar. Germaniýa 1-nji awgustdan doly sanjym almadyk syýahatçylardan koronawirus...

düýn 22:54
2.5k+

Etihad dünýäniň iň ygtybarly awiakompaniýalarynyň sanawynda birinji orny eýeledi

AirlineRatings.com portaly dünýäniň iň ygtybarly 25 awiakompaniýasyndan ybarat sanawy hödürledi. Şu ýyl reýtingde birinji orny Ýakyn Gündogaryň Etihad Airways awiagatnadyjysy eýeledi. Portalyň hünärmenleri uçar flotunyň ýaşyny, uçarmanlaryň hünär derejesini we turbulentligiň öňüni alyş ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutup, 320 awiakompaniýanyň işini seljerdi...