Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna tebigy gaz iberip başlady

  • 16.04.2019 10:01
  • 2.6k+

15-nji aprelde gündiz sagat 12-den başlap Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada oilgas.gov.tm saýty «Türkmengaz» döwlet konsernine salgylanyp habar berýär.

Gazy ibermekligi gaýtadan dikeltmek meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleriň arasynda 27-nji martdaky duşuşykda bellenilipdi.

Tebigy gazyň iberilmeginiň gaýtadan dikeldilmegi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygyň çäklerinde ýola goýuldy.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......