Özbegistan Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça gatnawlara gatnaşar

  • 06.04.2019 19:04
  • 2.3k+

Özbegistan Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluna goşuldy, diýip Trend agentligi Gazagystanyň magistral demir ýol ulgamynyň iri operatory bolan "Казахстан Темир Жолы"-nyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Ýakynda Almatyda (Gazagystan) Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Eýranyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Onda umumy halkara demir ýol geçelgesi boýunça ýük gatnawlaryny has hem artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2018-nji ýylda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça gatnawlaryň möçberi 1 müň TEU (20 futlyk ekwiwalentde konteýner) deň boldy, diýip metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy üçin olaryň öz wagtynda iberilmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýük ugradyjylary göçme düzümler bilen bilelikde üpjün etmeklige borçlandylar.

Duşuşygyň barşynda Eýran – Hytaý ugry boýunça goşmaça ýükleri çekmek, yzygiderli konteýner hyzmatlaryny gurnamak we bu geçelge boýunça şu ýyl ýüklenen konteýnerler üçin tarif şertlerini kesgitlemek meseleleri maslahatlaşyldy.

Ylalaşyklar Jemleýji beýanda berkidildi.

Bu ulag-üstaşyr geçelgäniň döredilmegi Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň gurulmagy bilen mümkin boldy. Bu ýol 2014-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda açyldy.

düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
4.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......