Aşgabatda 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

  • 28.03.2019 14:26
  • 1.4k+

Halkara sambo federasiýasy (FIAS) Moskwada geçen mejlisinde 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirmek hakynda karar kabul etdi.

Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradow FIAS-nyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylary iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde ýurdumyzyň baý tejribesiniň bardygyna ynandyrdy.

Ýaryşyň baýrak fondunyň 216 müň amerikan dollaryna barabar bolmagyna garaşylýar – diýip FIAS-nyň prezidenti Wasiliý Şestakow belleýär, diýip sng.today habar berýär.

Şeýle hem, FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň kararyna laýyklykda, ussatlaryň (weteranlaryň) arasynda sambo boýunça dünýä çempionaty Kiprde 2019-njy ýylyň 18-21-nji oktýabrynda geçiriler.

2020-nji ýylda başlap şeýle hem kenarýaka sambo boýunça dünýä çempionaty we sambo boýunça toparlaýyn Dünýä kubogy geçiriler. Sambo boýunça 2019-njy ýylda dünýä çempionaty Seulda (Koreýa Respublikasy) 7-11-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Mundan öň türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi we Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

düýn 14:53
6.8k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....