Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen duşuşdy

  • 28.10.2022 00:12
  • 26k+

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyň Türkgüji bilen duşuşdy. Duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Onuň barşynda bu ýerde 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatynyň guramaçylyk derejesi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Aýdyň Türkgüji Ahal welaýatynyň täze merkezinde «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» ady bilen geçiriljek okuw maslahatynyň guramaçylyk meseleleri we bu okuw maslahatynyň esasy maksady hem-de onuň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygy we täze merkeziň töwerekleriniň ekerançylyk, bagçylyk bilen gurşalyp alynmagy onuň ýokary ekologiýa ýagdaýyndan habar berýär. Şu nukdaýnazardan 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatyny guramak üçin şu ýeriniň seçilip alynmagy tötänden däldir.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkeziniň ýerleşýän ýeriniň ahalteke bedewleriniň ilki dörän ýeridigini, munuň üçin bolsa ýakymly dag howasy bilen şypaly çeşmelerden gözbaş alan Altyýap hem-de Sekizýap akabalarynyň oňyn täsiriniň bolandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gündogar hem-de günbatar ýakalarynyň bag-bakjaçylyga beslenmeginiň  bu ýerde ýakymly  howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.         
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde örän möhüm bolup durýan «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy»  atly okuw sapagynyň dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk durmuş-bilim çäresine öwrüljekdigini belledi we onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 13:13
3.1k+

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy dörediler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp gördi...

düýn 13:05
4.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň dekabrdaky çärelere taýýarlyk ýagdaýy bilen tanyşdy

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy...

24.11.2025 09:28
7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi...

23.11.2025 23:12
12k+

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň metjit gurmak başlangyjyna minnetdarlyk bildirdiler

Azerbaýjanyň Fizuli şäheriniň ähli ýaşaýjylary türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna minnetdarlyk hatyny iberdiler. "Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça...