В Ашхабаде открылась Неделя европейской культуры в Туркменистане

  • 25.10.2022 08:16
  • 6.9k+

24-nji oktýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň bilelikde guran bu döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşynyň geçirilen ýerine — Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň “Bitewülik köpdürlülikde” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligine uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Renata Wrubel çykyş etdi. Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň, myhmanlaryň öňünde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Mihael Uwe Birhoff hem-de Ion Nawal çykyş etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, solistleriň, Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň “altyn gaznasyna” giren eserler ýaňlandy. Döwlet horuna Latwiýa Respublikasynyň meşhur dirižýory we jemgyýetçilik işgäri, halkara Ýewropa medeni taslamalarynyň ýolbaşçysy Wita Timermane dirižýorlyk etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary bar. 24 — 26-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan diliniň günleri geçirilýär. 25-nji oktýabrda meşhur publisist, taryhy-medeni miras boýunça kitaplaryň awtory Elwita Ruka döredijilik ýazuw sungaty boýunça ussatlyk sapagyny berer. Latwiýaly myhmanyň ýakynda Türkmenabatda geçirilen “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala hem gatnaşandygyny bellemek gerek.
Wideoçeperçilik sungatynyň sergisi Medeniýet hepdeliginiň gyzykly çäreleriniň biri bolar. Suratkeşler Teo Eşetu (Fransiýa) we Robert Kaen (Germaniýa) Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda öz işlerini görkezerler. Milli tagamlaryň festiwalynda paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezine gelenler Ýewropa ýurtlarynyň aşhanasynyň dürli tagamlary bilen tanşyp bilerler. Ýurdumyzyň taryhy hem-de medeniýeti, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen gyzyklanýan myhmanlar üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy. 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy we saz toparlarynyň konserti bolar.


вчера 19:50
12k+

Глава Туркменистана утвердил поправки в КоАП: новые штрафы вступят в силу с 1 мая

Президент Туркменистана подписал закон «О внесении изменений и дополнений в Кодекс об административных правонарушениях». Документ предусматривает ужесточение ответственности за ряд нарушений на дорогах и......

15.04.2026 15:51
2.4k+

В Минюсте Туркменистана пройдет прием граждан по правовым вопросам

25 апреля в Ашхабаде состоится прием граждан по правовым вопросам. В ходе акции специалисты Министерства адалат (юстиции), прокуратуры и суда ответят на юридические вопросы граждан....

14.04.2026 20:32
12k+

По новому автобану пустят скоростной автобусный рейс Ашхабад — Туркменабат

С 15 апреля 2026 года запускается новый междугородний автобусный рейс по маршруту Ашхабад — Туркменабат, который будет проходить по недавно открытой высокоскоростной автомагистрали. Об этом сообщает АООТ......

14.04.2026 16:19
1.6k+

В Токио открылась выставка туркменских национальных костюмов и украшений

В Токийском музее искусств Шёто 10 апреля открылась выставка старинных туркменских национальных костюмов, ремесел, вышивки и ювелирных изделий. Мероприятие проводится под лозунгом «Ремесла Центральной Азии».......