Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy

  • 18.10.2022 17:44
  • 77613
Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy

Plastiki hirurg dünýäniň iň owadan zenanynyň adyny mälim etdi. Ol “Ýewany öldürip” teleserialynda oýnan aktrisa Jodi Komer boldy. Bu barada ITV habar berýär diýip, www.unian.net belleýär.

Londondan lukman Julian De Silwa gözleg işini geçirdi we onuň esasynda iň owadan adamy kesgitlemek bolýar. Munuň üçin “altyn kesişme” düzgünine ýüzlenmek ýeterlikdir. Onuň düýp mazmuny ýüzüň ýa-da bedeniň 1,618 san bilen gatnaşygy näçe ýakyn boldugyça, adamyň şonça-da owadan bolmagynda jemlenýär.
Netijede, britaniýaly aktrisa Jodi Komeriň daş keşbi ideala 94,52% ýakyn boldy.

“Onuň burnunyň we dodagynyň ýerleşişiniň görkezijileri ideala has ýakyn boldy. Şeýle-de, onuň owadan şekilli eňegi we dodagy bar. Umumy balyň peselmegine getiren ýeke-täk zat – gaş boldy, olar ideala 88% gabat geldi” – diýip, hünärmen belledi.

Dünýäniň iň owadan zenanlarynyň reýtinginde birinji orny eýelän Komerden başga-da, lukman beýleki meşhur adamlary-da synagdan geçirdi.
Şeýlelikde, ikinji orny 94,37%  aktrisa Zendeýa eýeledi, üçünji 94,35% bilen supermodel Bella Hadid boldy. Olaryň yzyndan aktrisa Ember Herd (91,85%), aýdymçy Ariana Grande (91,81%) we pop ýerine ýetiriji Teýlor Swift (91,64%) gelýär.

13.05.2024 16:54
21082

Täze ugur: Meşhur eşik brendleri toý köýneklerini öndürip başlady

Abercrombie & Fitch, Forever 21, Boot Barn, Shein we Lulus ýaly esasy egin-eşik kompaniýalary önümleriniň görnüşlerini köpeldip başladylar diýip, CNN habar berýär. Toý nysagynda täze ugruň ünsi gymmat we pajarly...

05.05.2024 14:46
3464

Meril Strip Kann festiwalynyň abraýly “Altyn palma şahasyny” alar

Amerikaly aktrisa, üç gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Meril Strip 14-25-nji maý aralygynda geçiriljek 77-nji Kann film festiwalynyň hormatly myhmany bolar. Film festiwalynyň açylyşy güni kino sungatyna goşan önjeýli...

29.04.2024 21:37
12855

Iň meşhur moda brendleriniň reýtinginiň lideri üç ýyl bäri üýtgemeýär

Miu Miu fransuz brendi modalar dünýäsinde hökmüni ýörediji derejesini nobatdaky gezek subut etdi. Bu brend Lyst portalynyň wersiýasy boýunça iň meşhur brendleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Personal maslahatlar...

20.04.2024 07:06
6197

Dua Lipa, Miýadzaki we Werstappen “Time” tarapyndan iň abraýly adamlaryň TOP-100-lügine goşuldy

“Time” žurnaly 2024-nji ýylyň iň abraýly 100 adamynyň sanawyny hödürledi. Sanaw diýseň özboluşly boldy. Oňa kino, aýdym-saz, sport, žurnalistika, aktiwizm ýaly dürli ugruň wekilleri goşuldy. Kino işgärleriniň arasyndan...