Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy

  • 18.10.2022 17:44
  • 82k+

Plastiki hirurg dünýäniň iň owadan zenanynyň adyny mälim etdi. Ol “Ýewany öldürip” teleserialynda oýnan aktrisa Jodi Komer boldy. Bu barada ITV habar berýär diýip, www.unian.net belleýär.

Londondan lukman Julian De Silwa gözleg işini geçirdi we onuň esasynda iň owadan adamy kesgitlemek bolýar. Munuň üçin “altyn kesişme” düzgünine ýüzlenmek ýeterlikdir. Onuň düýp mazmuny ýüzüň ýa-da bedeniň 1,618 san bilen gatnaşygy näçe ýakyn boldugyça, adamyň şonça-da owadan bolmagynda jemlenýär.
Netijede, britaniýaly aktrisa Jodi Komeriň daş keşbi ideala 94,52% ýakyn boldy.

“Onuň burnunyň we dodagynyň ýerleşişiniň görkezijileri ideala has ýakyn boldy. Şeýle-de, onuň owadan şekilli eňegi we dodagy bar. Umumy balyň peselmegine getiren ýeke-täk zat – gaş boldy, olar ideala 88% gabat geldi” – diýip, hünärmen belledi.

Dünýäniň iň owadan zenanlarynyň reýtinginde birinji orny eýelän Komerden başga-da, lukman beýleki meşhur adamlary-da synagdan geçirdi.
Şeýlelikde, ikinji orny 94,37%  aktrisa Zendeýa eýeledi, üçünji 94,35% bilen supermodel Bella Hadid boldy. Olaryň yzyndan aktrisa Ember Herd (91,85%), aýdymçy Ariana Grande (91,81%) we pop ýerine ýetiriji Teýlor Swift (91,64%) gelýär.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....