Iň meşhur moda brendleriniň reýtinginiň lideri üç ýyl bäri üýtgemeýär

  • 29.04.2024 21:37
  • 13k+

Miu Miu fransuz brendi modalar dünýäsinde hökmüni ýörediji derejesini nobatdaky gezek subut etdi. Bu brend Lyst portalynyň wersiýasy boýunça iň meşhur brendleriň sanawynda birinji orny eýeledi.

Personal maslahatlar portaly bolan Lyst  internet ulanyjylarynyň gözleg isleglerini seljerip, fashion-senagatynyň iň meşhur şahslarynyň, brendleriň we wakalaryň her çärýek üçin reýtingini düzýär. Analitikleriň bellemegine görä, bu çärýekde Miu Miu brendine gyzyklanma 8% artdy.
Bu eýýäm Miu Miu brendiniň Prada we Loewe ýaly moda ägirtlerini yzda galdyran üçünji ýyly. Bu ugurda esasy orny wirus derejesinde meşhurlyk gazanan birnäçe önümler, şol sanda New Balance birleşigiň netijesinde dörän 530 Sl Sneaker krossowkalary eýeleýär. Bu krossowkalar sanlyja sagatlaryň içinde satylyp gutardy.
Iň meşhur moda brendleriniň sanawynda ilkinji orunlary şeýle hem Bottega Veneta, Saint Laurent, Moncler we Versace eýeledi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....