Prada italýan moda öýi hindi şypbyklarynyň dizaýnyny göçürmekde aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawa Milanda erkekleriň Moda hepdeliginde brendiň täze kolleksiýasy görkezilenden soň başlady diýip, Daily Mail neşiri ýazýar.
Kolhapur şäheriniň şanyna atlandyrylan şypbyklar XII asyrdan bäri Maharaştra we Karnataka ştatlarynda taýýarlanýar. 2019-njy ýylda Hindistanyň hökümeti bu şypbyklara olaryň medeni gymmatlygyny tassyklaýan statusy berdi.
Hindi senetçileri we aktiwistleri Prada-nyň aýakgabyň medeni gelip çykyşyny görkezmän, ony diňe “deri aýakgaby” diýip atlandyrmagyna nägilelik bildirdi. Şeýle-de, bahadaky tapawut aýratyn nägilelige getirdi: Hindistanda şeýle şypbyklaryň bahasy, takmynan, 12 dollara barabar, Prada bolsa öz önümini 844 dollara satýar.
Netijede, Prada-nyň wekilleri öz hödürlän modelleriniň hindi şypbyklaryndan ylham alyp döredilendigini boýun alyp, harydyň suratlandyrmasyna düzediş girizdi.